Estoniýa
From Wikipedia, the free encyclopedia
Estoniýa (est. Eesti), resmi ady — Estoniýa Respublikasy (est. Eesti Vabariik) — Ýewropada, Baltika deňziniň demirgazyk-gündogar kenarýakasynda bir döwlet, kenarlaryny Fin we Riga aýlaglarynyň suwlary ýuwýar.
| |||||
Paýtagty | Tallin | ||||
Resmi dili | Eston dili |
Gündogarda Russiýa, günortada bolsa Latwiýa bilen serhetleşýär. Demirgazykda Finlýandiýadan Fin aýlagy, günbatarda bolsa, Şwesiýadan Baltika deňzi arkaly bölünip aýrylýar.
Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan Estoniýa NATO guramasynyň hem agzasydyr we Şengen ylalaşygynyň gatnyjysydyr.
Baltika deňziniň akwatoriýasyndaky 1521 ada Estoniýa degişlidir. Olaryň tutýan umumy meýdany 4,2 müň inedördül kilometre barabardyr. Adalaryň iň ululary Saaremaa we Hiýumaa adalarydyr. Adalaryň tutýan meýdanynyň uludygyna garamazdan, ýurduň ilatynyň 5 göterime golaýy bu adalarda ýaşaýar. Estoniýanyň ilatynyň sany 1,4 milliona barabardyr. Döwlet dili eston dili hasaplanýar. Şeýle hem, rus dili hem giňden ulanylýar.